29-njy martda Moskwada GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisi geçiriler

22.03.2024, 23:556,286

29-njy martda Moskwada GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen Russiýanyň wise-premýeri Alekseý Owerçukyň arasynda geçirilen iş duşuşygynda mälim boldy diýip, TASS habar berýär.

"Taraplar Arkalaşygyň çäklerinde ykdysady integrasiýanyň ileri tutulýan meseleleri we 2024-nji ýylyň 29-njy martynda GDA-nyň Moskwada geçiriljek Ykdysady Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça bilelikdäki iş barada pikir alyşdylar" – diýip, Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň web sahypasynda çap edilen resminamada habar berilýär.

Duşuşygyň gün tertibine GDA-nyň agza ýurtlarynyň arasynda söwda, maýa goýum, energiýa üpjünçiligi, ulag ulgamyny we beýleki degişli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri girer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.