Ýewropa ligasynyň 1/4 finaly: “Liwerpul” uly ýeňlişe sezewar boldy, “Roma” “Milany” utdy

12.04.2024, 10:3612,094
1 / 5

Ýewropa ligasynyň 1/4 finalynyň ilkinji oýunlary garaşylmadyk netijelere getirdi. “Atalanta” topary “Enfild” stadionynda “Liwerpuly” 3:0 hasabynda utdy, “Roma” bolsa myhmançylykda “Milandan” 1:0 hasabynda üstün çykdy.

“Baýer” hem “West Hemi” 2:0 hasabynda ynamly utdy, “Benfika” “Marsel” bilen oýunda 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. 
Jogap oýunlary 18-nji aprelde geçiriler.

Netijeler:

  • - “Baýer” – “West Hem” (2:0). Gollar: Hofman (83-nji minut), Bonifase (90+1).
  • - “Benfika” – “Marsel” (2:1). Gollar: Silwa (16), Di Mariýa (52) / Obameýang (67).
  • - “Liwerpul” – “Atalanta” (0:3). Gollar: Skamakka (38, 60), Paşaliç (83).
  • - “Milan” – “Roma” (0:1). Gol: Mançini (17).

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.