«Olimpiakos» 116-njy minutda gol geçirip, Konferensiýalar ligasynda ýeňiş gazandy

30.05.2024, 14:196,689

"Olimpiakos" grek kluby final duşuşygynda goşmaça wagtda "Fiorentinany" 1:0 hasabynda utup, Konferensiýalar ligasynyň ýeňijisi boldy.

Duşuşyk Afinyda "OPAP Arena" stadionynda geçdi. Oýnuň esasy wagtynda gol geçirilmedi, 116-njy minutda "Olimpiakosyň" hüjümçisi Aýub El-Kaabi Santýago Esseniň geçiren pasyndan ýeňiş goluny geçirdi.
"Olimpiakos" üçin bu ýewrokuboklarda ilkinji ýeňşidir. Mundan öň, grek klublary ýeke gezek hem Ýewropa kuboklarynda ýeňiş gazanyp görmändirler. "Fiorentina" eýýäm yzly-yzyna ikinji gezek Konferensiýalar ligasynyň finalynda utuldy.
Belläp geçsek, "Olimpiakos" ýarym finalda "Aston Willadan", "Fiorentina" bolsa "Brýuggeden" üstün çykdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.