Mahaçew UFC 302 ýaryşynyň jemi boýunça 100 müň dollar bonus alar

02.06.2024, 16:5525,086

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) ýeňil agramda çempiony russiýaly Islam Mahaçew UFC 302 ýaryşynyň jemi boýunça agşamyň iň gowy söweşi we agşamyň iň gowy çykyşy üçin bonus alar. Bu barada guramanyň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berilýär.

Mahaçew bilen Porýeniň arasyndaky söweş Nýuark şäherinde (Nýu-Jersi ştaty, ABŞ) geçirildi we 32 ýaşly russiýalynyň bäşinji raundda demikdiriji usul arkaly ýeňmegi bilen tamamlandy. Her bonusyň mukdary 50 müň dollara barabar.
Şeýle-de, agşamyň çykyşy üçin bonusy amerikaly Kewin Holland alar, ol orta agramda geçirilen söweşde polşaly Mihal Olekseýçuky birinji raundda demikdiriji usul bilen ýeňdi.
Mahaçew agram derejesine garamazdan (P4P) UFC-niň reýtinginde birinji orny eýeleýär. Onuň hasabynda 26 ýeňiş bilen bir ýeňliş bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.