Pariždäki Brilliant ligasynyň tapgyrynda iki dünýä rekordy täzelendi

08.07.2024, 12:396,405

Ukrainaly zenan ýeňil atletikaçy Ýaroslawa Maguçih Parižde geçen Brilliant ligasynyň tapgyrynda beýiklige bökmek boýunça täze dünýä rekordyny goýdy, türgen 2,10 metr netijäni görkezdi.

Öňki rekord 1987-nji ýylda bolgariýaly Stefka Kostadinowa tarapyndan goýlupdy. Ol Rimde geçen ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda 2,09 metr beýiklige bökdi.
Ýene bir dünýä rekordy 1 500 m aralyga ylgamakda keniýaly zenan ýeňil atletikaçy Feýt Kipýegon tarapyndan täzelendi. Ol bu aralygy 3 minut 49,04 sekuntda geçdi. Mundan öňki rekord hem Kipýegona degişli bolup, 3 minut 49,11 sekunta deňdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.