PFA 2023/24 möwsüminde APL-iň iň gowy ýaş oýunçysyny we simwoliki toparyny yglan etdi

21.08.2024, 14:2510,117
1 / 3

“Çelsiniň” hüjümçi ýarymgoragçysy Koul Plamer Angliýanyň Premýer-ligasynda 2023/24 möwsüminiň iň gowy ýaş oýunçysy boldy. Bu barada Beýik Britaniýanyň Professional futbol assosiasiýasy (PFA) 20-nji awgustda geçirilen dabarada yglan etdi.

22 ýaşly angliýaly ýarymgoragçy “Çelsä” 2023-nji ýylyň tomsunda “Mançester Sitiden” geçdi. Bu döwürde ol ähli ýaryşlarda 45 oýna gatnaşyp, 25 gol we 15 netijeli geçirim bilen tapawutlandy.
13-nji awgustda Londonyň kluby Palmer bilen şertnamanyň 2033-nji ýyla çenli uzaldylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, futbolçynyň bazar bahasy 80 mln ýewro.

Şeýle-de, PFA geçen möwsüm üçin APL-iň simwoliki toparyny yglan etdi. Iň gowy 11 futbolçynyň sanawyna “Arsenalyň” bäş, “Mançester Sitiniň” dört wekili goşuldy.

  • Derwezeban: Dawid Raýýa (“Arsenal”);
  • Goragçylar: Wilýam Saliba (“Arsenal”), Wirjil wan Deýk (“Liwerpul”), Gabriel Magalýans (“Arsenal”), Kaýl Uoker (“Mançester Siti”);
  • Ýarymgoragçylar: Rodri Ernandes (“Mançester Siti”), Deklan Raýs (“Arsenal”), Martin Edegor (“Arsenal);
  • Hüjümçiler: Erling Holand (“Mançester Siti”), Filip Foden (“Mançester Siti”), Olli Uotkins (“Aston Willa”).

PFA dünýäde iň gadymy professional türgenleriň assosiasiýasy hasaplanýar. Ol 4000 gatnaşyjyny öz içine alýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.