Ýewropada iň täze Toyota Land Cruiser Prado 250-ä 181 müň ýewro nyrh kesdiler

22.08.2024, 19:4617,368
1 / 2

Ýewropadaky iň täze Toyota Land Cruiser Prado 250-iň bahasy 181 müň ýewro bolmak bilen, ol iň gymmat ulaglaryň birine öwrülýär. Şeýle-de bolsa, bu mukdaryň ep-esli bölegi - 100 müň ýewro-sy salgyda gidýär diýip, Speedme ýazýar.

Awtoulag 204 at güýjüni öndürýän 2,8 litrlik dizel hereketlendirijisi, 8 tizlikli awtomatiki geçiriji we ähli tekerleri hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Şunuň ýaly bahadan 14 dinamikaly JBL akustikaly, töwerekleýin görüş ulgamly we deri salonly  Professional wersiýa hödürlenýär.
Şeýle hem tegelek faralary bilen tapawutlanýan First Edition komplektasiýasy elýeterdir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.