Bugatti-niň baştutany 2,4 mln ýewrolyk giperkaryny ogurlatdy: Ol açary maşynda galdyrýan eken

Şu gün, 11:222,796

Horwatiýanyň paýtagty Zagrebiň golaýynda bahasy 2,4 million ýewro bolan Bugatti Chiron kysymly awtoulag ogurlandy. Awtoulagyň eýesi Bugatti kompaniýasynyň baş direktory Mate Rimas bolup, ol ulagyň açaryny salonda galdyrypdyr. Telekeçi bu waka barada Instagram sahypasynda habar berdi.

Rimasyň aýtmagyna görä, ol Horwatiýada howpsuzlygyň ýokarydygyna ynam bildirip, adatça, ulaglarynyň açaryny ýany bilen alyp gitmeýän eken. Emma 28-nji oktýabrda Bugatti kompaniýasynyň işgärlerine näbelli bir adamyň Zagrebiň golaýyndaky kärhana toplumynyň çäginden onuň Chiron awtoulagyny sürüp alyp gidendigi barada habar berlipdir.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy polisiýa ýüz tutup, awtoulagyň ýerleşýän ýerini anyklapdyr. Şol wagt ulag eýýäm Sloweniýanyň çäginde eken. Rimas özüne degişli başga bir Porsche 911 awtoulagy bilen onuň yzyna düşüpdir. Awtoulagy ogurlan 35 ýaşly horwatiýaly Sloweniýa bilen serhetleşýän Awstriýada ele salnypdyr.

Soňra Rimas polisiýa bölüminde ogry bilen duşuşypdyr. Şonda ol özüniň iş gözläp Bugatti kompaniýasynyň edarasyna gelendigini we ulagyň içinde açary görenden soň, ony alyp gitmegi ýüregine düwendigini düşündiripdir.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy oňa garşy aýyplama bildirmedi. Muňa garamazdan, saklanan adam jenaýat işi boýunça güman edildi. Awtoulagyň käbir böleklerine zeper ýetendigi üçin, häzirki wagtda ony abatlaýarlar.

Awtoulagyň ogurlanan pursadynyň wideosyny paýlaşan Rimas mundan beýläk ulaglarynyň açaryny salonda galdyrmajakdygyny aýtdy.