Bugatti kompaniýasy ýörite sargyt boýunça taýýarlanan, «Blanc Eternel» diýlip atlandyrylan «W16 Mistral» rodsteriniň gaýtalanmajak nusgasyny tanyşdyrdy. Awtoulagyň esasy aýratynlygy — onuň kuzowyna el bilen gara çyzyklaryň çekilmegidir. Bu çyzyklar arkaly giperkar edil ak kagyzyň ýüzüne galam bilen çyzylan ýaly täsir galdyrýar.
Bezegiň esasy maksady awtoulagyň sanly modeliniň geometriýasyny hut şol durşuna kuzowyň ýüzüne geçirmekden ybarat boldy. Çyzgylaryň hemmesi sap elde çekildi. Edil şolar ýaly çyzgy nagyşlar ulagyň salonyndaky deri örtüklerine hem ýerleşdirildi.
Awtoulagy döretmek işine Berliniň meşhur «Königliche Porzellan-Manufaktur» farfor kärhanasy hem gatnaşdy. Kärhananyň hünärmenleri arassa farfordan ýörite bölekleri ýasadylar. Ulagyň nyşanynyň üsti we ýangyç bagynyň gapagy, motor bölümindäki käbir şaýlar, tizlik gutusynyň tutawajy, tirsek goýulýan ýerdäki bölekler hem-de aýnalary galdyrýan düwmeler farfordan taýýarlandy.
Kompaniýanyň bellemegine görä, sürüjiniň iň köp degýän we ulanýan ýerleri farfordan ýasaldy. Munuň maksady bu materialyň el degen wagtyndaky ýakymlylygyny has-da aýdyň duýdurmakdyr.