Hyundai täze Elantra 2027-ni görkezdi: batyrgaý dizaýn, täze motor, 100 km üçin bary-ýogy 4,4 litr ýangyç

Şu gün, 11:231,718
1 / 11

Hyundai kompaniýasy Los-Anjelesdäki awtoulag sergisinde Elantra modeliniň sekizinji neslini görkezdi. 2027-nji model ýylynyň sedany öňki neslinden täze dizaýny we enjamlaşdyrylyşy bilen tapawutlanýar.

Awtoulagyň daşky dizaýny Art of Steel konsepsiýasyna laýyklykda işlenip düzüldi. Modeliň ganatlary öňküsinden giň, kapoty birneme süýri. Ulagyň uzynlygy, ini we beýikligi, degişlilikde, 4796 × 1854 × 1425 mm-e deň. Tigir binýady bolsa 3 sm uzaldylyp, 2751 mm-e ýetirildi. Munuň netijesinde, salonyň içi, şol sanda yzky hatardaky ýolagçylar üçin niýetlenen ýer hem giňeldildi. Yzky hatarda oturan ýolagçylar üçin howa çalyşýan deflektorlar we USB-C portlary göz öňünde tutuldy.

Modeliň esasy wersiýasy 147 at güýjüne we 179 Nm aýlaw pursadyna eýe bolan 2 litrlik atmosferaly hereketlendiriji bilen üpjün edilýär. Ol wariator we öňdäki tigirleri herekete getirýän ulgam bilen utgaşykly işleýär. Maşynyň garyşyk siklde işläninde her 100 km-e 6,7 litr ýangyç sarp edýär.

Ulagyň gibrid görnüşiniň satuwynyň 2028-nji ýylda başlanmagyna garaşylýar. Bu modeliň motorlarynyň umumy kuwwaty 155 at güýjüne ýetirildi. Oňa 1,6 litrlik benzin hereketlendiriji we elektrik motory oturdylar. Bu wersiýa her 100 km üçin 4,4 litr ýangyç sarp edýär. Benzinli görnüşinden tapawutlylykda, gibrid model köp ryçagly, garaşsyz yzky asma ulgamyna eýe bolar.

Salonda Android Automotive OS operasiýa ulgamynyň esasynda işleýän, 12,9 dýuýmlyk ekranly täze Pleos Connect multimediýa ulgamy ýerleşdirildi. Ol Apple CarPlay we Android Auto ulgamlaryna simsiz birikýär, Wi-Fi ulgamyny hem-de programma üpjünçiligini «howa arkaly» täzeleýär.

Ulgama ornaşdyrylan Gleo AI ses kömekçisi sada dil bilen berilýän tabşyryklara düşünýär we söhbetdeşligiň mazmunyny-da göz öňünde tutmaga ukyply. Şol bir wagtyň özünde, Hyundai howa sazlaýjy we audio ulgamlaryny dolandyrmak üçin adaty fiziki düwmeleri hem saklap galypdyr.

Benzinli Elantra modeli SE, SEL Sport we Limited görnüşlerinde, gibrid wersiýasy bolsa SE Blue, SEL Sport Hybrid we Limited Hybrid modifikasiýalarynda hödürlener.

Ulagyň bahasy we satuwa çykaryljak takyk senesi entek mälim edilmedi.