Vincero we Vivere: Mansory atelýesi iki sany täze Bugattini görkezdi

Düýn, 21:40993
1 / 12

Germaniýanyň Mansory týuning atelýesi Pebble Beach Concours d'Elegance bäsleşiginde täze taslamalaryny ilkinji gezek köpçülige görkezdi. Kompaniýa Bugatti giperkarlarynyň esasynda döredilen eksklýuziw Vincero hem-de Vivere modellerini tanyşdyrdy.

Mistral rodsteriniň täzelenen görnüşi Vincero adyny aldy. Atelýe ilkinji gezek bu modeliň üstünmde işläp gördi.

Awtoulagyň gabarasy ýaşyl öwüşginli uglerod süýüminden (karbondan) ýasalyp, mämişi reňkli grafika bilen bezeldi. Giperkaryň öňki bamperi täzelendi, uly howa sowujylar, gönümel gözüňe ilýän splitter we goşmaça aerodinamik elementler ornaşdyryldy.

Onuň yzky böleginde durnukly durnukly yzky ganat (antikrylo), ägirt uly diffuzor we alty sany gaz çykaryjy turba ýerleşdirildi. Salony bolsa mämişi deri we boýalan karbon bilen örtüldi.

Vivere modeli bolsa Chiron-yň esasynda döredilip, ol 2019-njy ýylda tanyşdyrylan Mansory Centuria modeliniň ewolýusion dowamy boldy.

Onuň gabarasy altyn reňkli zolaklary bolan goňur karbondan ýasaldy. Awtoulag goşmaça gündizki yşyklamalar, täzelenen aerodinamik elementler, ulaldylan yzky ganat we alty turbasy bolan diffuzor bilen üpjün edildi.

Salony iki reňkli deri hem-de üçege çenli uzap gidýän dekoratiw yşyklandyrma bezeýär.

Iki awtoulagyň hem tehniki aýratynlyklary üýtgewsiz goýlan. Ikisi-de uglerod süýümli monokok we dört turbokompressorly 8,0 litrlik W16 hereketlendirijisinde ýöreýär. Chiron-Vivere 1500 at güýjüni, Mistral-Vincero bolsa 1600 at güýjüni öndürýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.