BYD ýygnalýan rully ýolsuzlyk ulagyny görkezdi

Şu gün, 14:51691
1 / 13

BYD kompaniýasy Hytaýda özüniň täze flagman Fang Cheng Bao Ti 9 modelini tanyşdyrdy. Täze ulagyň üýtgeşik aýratynlyklarynyň biri – onuň epläp, öňdäki paneliň içine ýerleşdirilýän ruly bar. Bu bolsa sürüjiniň oturýan ýerini giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Ruly diňe awtoulag duralgada duran wagty ýygnap bolýar. Bu aýratynlygy ulag hereket edýän wagty, şol sanda awtomatiki dolandyryş ulgamy işleýän mahaly ulanyp bolmaýar.

Fang Cheng Bao Ti 9 modeliniň bahasy 279,9 müň ýuandan başlanýar (takmynan, 42 müň dollar).

Ýolsuzlyk ulagy 1,5 litrlik turbo hereketlendirijini we iki sany elektrik hereketlendirijisini utgaşdyrýan, zarýad berilýän gibrid güýç gurluşy bilen üpjün edildi. Ulgamyň umumy kuwwaty 544 at güýjüne deň. Awtoulag duran ýerinden sagatda 100 km tizlige 4,8 sekuntda ýetýär.

Sygymy 66,48 kWt·sag bolan litiý-demir-fosfat akkumulýatory CLTC ölçeg usuly boýunça diňe elektrik energiýasy bilen 400 km çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýär. Ulagyň umumy ätiýaçlyk ýöreýiş uzaklygy 1630 km-e ýetýär. Akkumulýatoryň zarýady gutaran ýagdaýynda ýangyç sarp edilişi her 100 km üçin 6,4 litre deňdir. Akkumulýatoryň zarýadyny 10%-den 97%-e çenli doldurmak üçin bary-ýogy 9 minut ýeterlik.

Awtoulagyň uzynlygy 5270 mm, ini 1999 mm, tigir binýady bolsa 3130 mm. Goşmaça enjam hökmünde agramy 2 tonna çenli bolan tirkegleri dakmak üçin daşyna çykaryp hem-de ýygnap bolýan elektrik farkop hödürlenýär.

Model ähli tigirlerini dolandyrmaga mümkinçilik berýän şassi, differensialyň gulplama ulgamy we yzky tigirlerde çekiş güýjüniň paýlanyşyny dolandyrýan ulgam bilen üpjün edildi. Leopard Turn režimi 3,5 metr öwrüm radiusy bolan ulaga dar ýerlerde hem erkin hereket etmäge mümkinçilik berýär.

Awtoulagyň salonynda diagonaly 30 dýuýmlyk panoramaly ekran we yzky ýolagçylar üçin üçegiň aşagynda ýerleşdirilen 21,4 dýuýmlyk ekran bar. Enjamlaşdyrylyşyna nappa derisi bilen örtülen oturgyçlar, ikinji hatardaky oturgyçlar üçin «agramsyzlyk» funksiýasy, şeýle hem üç hatardaky oturgyçlaryň hemmesi üçin ýyladyş, sowadyş we massaž funksiýalary girýär. Mundan başga-da, salonda sygymy 11,5 litr bolan sowadyjy we simsiz zarýad beriji göz öňünde tutuldy.

Sürüjä kömek berýän ulgamlaryň işlemegine lidar datçigi bilen enjamlaşdyrylan God’s Eye toplumy jogap berýär. Howpsuzlyk ulgamlarynyň hatarynda ýokary tizlikde hereket edilýän wagty teker ýarylan ýagdaýynda awtoulagyň durnuklylygyny saklamaga kömek edýän funksiýa hem bar.