Jokowiç US Open-de 90-njy ýeňşini gazanyp, “Uly tuwulganyň” rekordyny goýdy

29.08.2024, 16:312,559

Serbiýaly Nowak Jokowiç ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň (US Open) ikinji tapgyrynda watandaşy Laslo Dýerden üstün çykdy. Dýer şikes sebäpli oýny dowam etdirmekden ýüz öwürdi. Duşuşykda hasap 2:6, 4:6, 0:2 boldy.

Jokowiç taryhda “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň ählisinde 90 ýeňiş belligine ýeten ilkinji tennisçi boldy. Onuň hasabynda Australian Open-de 94 ýeňiş, “Rolan Garrosda” – 96, “Wimbledonda” – 97, US Open-de 90 ýeňiş bar.
Jokowiç ýekelikde “Uly tuwulga” ýaryşlaryndaky titullarynyň sany boýunça Margaret Kort bilen rekordy paýlaşýar – 24. Ol Australian Open-de on gezek, “Rolan Garrosda” – üç, “Wimbledonda” – ýedi, US Open-de – dört gezek ýeňiji boldy.
Häzirki wagtda 37 ýaşly türgen dünýäniň ikinji raketkasydyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.