Türkmenistan FIFA-nyň täzelenen reýtinginde iki orun ýokary galdy

19.09.2024, 21:4212,741

19-njy sentýabrda FIFA milli ýygyndy toparlaryň sanawyny resmi web sahypasynda täzeledi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy iki orun ýokary galdy we 1065.42 utuk bilen 142-nji ýerde durýar.

Birinji onlukda hiç hili üýtgeşme bolmady:

  1. Argentina - 1889.02.
  2. Fransiýa - 1851.92.
  3. Ispaniýa - 1836.42.
  4. Angliýa - 1817.28.
  5. Braziliýa - 1772.02.
  6. Belgiýa - 1768.14.
  7. Niderlandlar - 1759.95.
  8. Portugaliýa - 1752.14.
  9. Kolumbiýa - 1738.72.
  10. Italiýa - 1726.31.

210 ýurduň içinde 183-nji orny eýeläp, ýedi orun ýokary galan Bruneýiň milli ýygyndysy iň uly böküşi etdi. Boliwiýanyň futbolçylary öňki reýting täzelenmesinden bäri iň köp bal gazandylar (+35.2), olaryň ýygyndy topary alty orun ýokary galdy we häzirki wagtda 83-nji ýeri eýeleýär.
Reýtingde has pese düşen Katar boldy. Onuň milli ýygyndysy on orun aşak düşdi we häzirki sanawda 44-nji ýerde durýar. Awstraliýanyň topary iň köp utuk ýitirdi (-26.99), emma sanawda diňe bir orun aşak düşüp, ukrainanyň toparyna 24-nji ornuny berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.