Raşid Meredow Mongoliýanyň daşary işler ministri Batseseg Batmunhiýn bilen duşuşdy

13.10.2024, 08:478,303

12-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň DIM-niň ýolbaşçysy hanym Batseseg Batmunhiýn bilen duşuşdy. Batmunhiýn Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde Aşgabada geldi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň barşynda taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada pikir alyşdylar.
Saparyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-mongol gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi nukdaýnazaryndan ähmiýeti bellenildi.
Şeýle-de Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň ýolbaşçylygyndaky Mongoliýanyň wekiliýetiniň Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyna gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.