Arheologlar Goňurdepeden köp sanly wajyp tapyndylary ýüze çykardylar

21.10.2024, 11:118,365
1 / 5

Häzirki wagtda Garagumda Goňurdepe arheologik ýadygärlikler toplumynda gazuw-agtaryş işleri dowam edýär. Bu işleri Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň iki instituty, ýagny Moskwanyň N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa instituty hem-de Sankt-Peterburgyň Maddy medeniýetiň taryhy instituty bilen bilelikde döredilen türkmen-rus arheologik ekspedisiýalary alyp barýar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berdi.

Türkmen tarapyndan bilelikdäki türkmen-rus arheologik ekspedisiýasyna arhitekturanyň doktory, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy Muhammet Mämmedow ýolbaşçylyk edýär. RUs tarapyna antropolog, taryh ylymlarynyň doktory Nadežda Dubowa ýolbaşçylyk edýär.
Nobatdaky gazuw-agtaryş möwsümi möhüm tapyndylary ýüze çykarmak bilen tamamlanýar. Bu tapyndylar Aşgabatda ylmy duşuşykda hödürlener. Tapyndylaryň hatarynda:

  • Talk-agalmatolit ýumşak mineralyndan edilen silindr şekilli kiçijek möhür;
  • Palçykdan edilen, gönüburçlyk  ottiskli, ýylanyň şekilindäki möhüriň fragmenti;
  • Ýüpüň we möhüriň yzlary bolan palçyk gapak.

Goňur-20 ýerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda ýarym gymmat bahaly daşlardan monjuklar, şol sanda, diametri 1 mm bolan lazurit tapyldy. Munuň özi margianaly daşkeserleriň ýokary ussatlyk derejesini tassyklaýar.
Goňurdepedäki ekspedisiýa işini dowam edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.