“PSŽ” baş tälimçi Luis Enrike bilen şertnamany 2027-nji ýyla çenli uzaltdy

09.02.2025, 06:395,708
1 / 3

Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” futbol kluby baş tälimçi Luis Enrike bilen şertnamanyň 2027-nji ýylyň iýun aýyna çenli uzaldylandygyny resmi taýdan habar berdi.

54 ýaşly ispaniýaly hünärmen topara 2023-nji ýylyň tomsundan bäri ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýolbaşçylygynda “PSŽ” Fransiýanyň çempiony boldy, ýurduň Kubogyny gazandy we iki gezek Superkubogy utdy.

“Men “Pari Sen-Žermen” bilen hekaýaty dowam etdirmäge şat. Bu ýerde özümi rahat duýýaryn. Meniň pikirimçe, geljek ýagty görünýär we klub bilen has uly üstünlikleri gazanmagy umyt edýärin” – diýip, Enrike teswir berdi.

Mundan başga-da, “PSŽ” birnäçe oýunçy, şol sanda goragçylar Aşraf Hakimi we Nunu Mendeş, şeýle-de ýarymgoragçy Witinýa bilen şertnamalary 2029-njy ýyla çenli uzaltdy.
Hakimi we Mendeş topara 2021-nji ýylda, Witinýa 2022-nji ýylda goşuldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.