Raşid Meredow Mongoliýanyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

15.02.2025, 08:252,283

14-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň daşary işler ministri hanym Batseseg Batmunhiýn bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, iň ýokary döwlet derejesinde saparlary taýýarlamaga we geçirmäge aýratyn üns berildi.
Daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary iki ýurduň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çägindäki özara gatnaşyklaryna garadylar.
Mundan başga-da, ministrler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek barada pikir alyşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.