iPhone 17 Pro we Pro Max-yň kameralary wideoblogerler üçin ýörite gurallar bilen enjamlaşdyrylar

25.02.2025, 07:2510,498

Apple täze çykjak iPhone 17 Pro we Pro Max modellerine wideoýazgy etmek üçin täze mümkinçilikleri goşar. Bloombergiň žurnalisti Mark Gurmanyň Power On-a beren habarynda bellenilişi ýaly, smartfonlar blogerler we kontentmeýkerler üçin niýetlenen gowulandyrmalary alar.

Gurman has jikme-jik maglumatlary aýan etmeýär, emma garaşylyşy ýaly, iPhone 17 Pro we Pro Max smartfonlarynda tetraprizma teleobýektiwi, gowulandyrylan stabilizasiýa we ýokary hilli ses ýazgysy üçin goşmaça mikrofonlar bolar.
Häzirki iPhone-lar wideony daşarky SSD-toplaýjylara ýazgy etmekligi goldaýar, emma doly derejeli montaž işleri üçin blogerler faýllary kompýutere geçirmeli bolýar. Mümkin, Apple, blogerler wideolaryny gönüden-göni smartfonyň özünde redaktirläp biler ýaly, "Kamera" goşundysyna redaktirlemek üçin professional gurallary ornaşdyryp biler. Täze funksiýalar barada has giňişleýin maglumatlar soň peýda bolar.
Täze modelleriň sentýabr aýynda tanyşyrylmagyna garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.