Apple "Vision Pro-nyň" iki täze wersiýasyny çykarar - korporatiw we arzandan ýeňil

17.04.2025, 13:382,015

Apple kompaniýasy Vision Pro garniturasynyň iki täze wersiýasyny taýýarlaýar. Birinjisi has ýeňil we amatly, ikinjisi korporatiw müşderiler üçin döredilen saklanyş derejesi nola deň model.

Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň berýän maglumatyna görä, Vision Pro-nyň arzan wersiýasy 1600 dollar töweregi bolup biler. Deňeşdirmek üçin, häzirki model 3 499 dollara satylýar. Bahany arzanlatmak üçin Apple alýuminiý korpusyň  ýerine plastmassa korpus, kuwwaty pesräk ekran we M-çibiň ýerine A seriýaly prosessor ulanyp biler. Bu enjamyň bahasyny Meta Quest 3-iňkä has ýakynlaşdyrar, ýöne premium statusyny saklar.
Vision Pro-nyň professional wersiýasy işewür müşderiler üçin niýetlenendir. Ol nol saklanyşy üpjün edýän simli birikmäni goldaýar. Bu modeliň bahasy we häsiýetnamasy barada entek anyk maglumatlar aýdylmady.
Iki görnüşiniň hem 2026-njy ýylda hödürlenmegine garaşylýar, Apple takyk senesini mälim etmeýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.