Türkmenistan bilim, medeniýet we tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyny giňeldýär

07.05.2025, 06:533,448

Parižde Ýeliseý köşgünde Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Resminamalara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň gatnaşmagynda gol çekildi.

Resminamalaryň hatarynda:

  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Fransiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda durnukly şäher ösüşi babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Jarnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň arasynda bilim we ýokary okuw mekdepleri ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2025-2026-njy ýyllar üçin “Ýol kartasy”;
  • Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Fransiýanyň Tebigy taryhynyň milli muzeýiniň arasynda arheologik ylmy-barlag işleri babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «Thales Alenia Space France» kompaniýasynyň arasynda “TürkmenÄlem 52°E-2” milli telekommunikasiýa hemrasyny üpjün etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk;
  • «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Kayrros SAS» kompaniýasynyň (Fransiýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Bu resminamalar döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.