Ýewropanyň iň gymmat futbol klublarynyň reýtingi düzüldi

30.05.2025, 08:0313,851

Football Benchmark Group agentligi Ýewropada bazar bahasy ýokary bolan klublaryň reýtingini düzdi. Sanawda öňdebaryjy Madridiň “Realy” boldy. Onuň bahasy 6,3 mlrd ýewro barabar.

Bloomberg “patyşalyk klubunyň” girdejileriniň “Bernabeu” stadionynyň durkunyň täzelenmegi netijesinde ep-esli artandygyny belleýär.
Ikinji orunda 5,2 mlrd ýewro baha bilen “Mançester Siti” ýerleşýär. Üçlügi 5,1 mlrd ýewro bilen “Mançester Ýunaýted” jemledi.

Ýewropanyň iň gymmat 10 kluby şeýle görnüşde:

  1. “Real” (Ispaniýa) – €6,3 mlrd.
  2. “Mançester Siti” (Angliýa) – €5,2 mlrd.
  3. “Mançester Ýunaýted” (Angliýa) – €5,1 mlrd.
  4. “Barselona” (Ispaniýa) – €4,5 mlrd.
  5. “Bawariýa” (Germaniýa) – €4,3 mlrd.
  6. “Liwerpul” (Angliýa) – €4,1 mlrd.
  7. “Arsenal” (Angliýa) – €3,9 mlrd.
  8. “PSŽ” (Fransiýa) – €3,8 mlrd.
  9. “Tottenhem” (Angliýa) – €3,6 mlrd.
  10. “Çelsi” (Angliýa) – €2,9 mlrd. 
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.