Ford Meksikada owkalama funksiýaly oturgyçlary we V6 hereketlendirijisi bolan Lobo King Ranch pikapyny görkezdi

24.06.2025, 08:446,226

Ford kompaniýasy Meksikada 2025-nji ýylyň Lobo King Ranch kysymly awtoulagyň täzelenen görnüşini hödürledi. Bu model markanyň ýurtdaky ýubileýine gabat gelýär we gaýtadan sazlanandan soň model hatary doldurdy. Ol Lariat, Platinum we Platinum Plus HEV komplektasiýalary bilen birlikde satylar.

Daşyndan pikap Basalt Gray bezegi, hrom öwüşginleri, 20 dýuýmlyk tekeri we radiatorynyň gözenegindäki bürünç bezegi bilen tapawutlanýar. Kuwwatlylygy 400 at güýji we 450 fb tork öndürýän goşa turbo görnüşli 3,5 litrlik V6 EcoBoost -dan ybarat. PowerBoost-yň gibrid wersiýasy diňe Platinum Plus HEV bezeginde elýeterlidir.
Salony deri bilen bezelendir, gyzdyryjy we şemalladyjy oturgyçlary, owkalama  funksiýasy, panoramaly üçegi, 12 dýuýmlyk sanly gurallar toplumy, baş ekrany we işjeň ýagdaýdaky Interior Work Surface zolagy bar. Kuzowy gyzyl, gök, çal we gara reňklerde bolýar.
Ford Lobo King Ranch-iň başlangyç bahasy 1 499 000 meksika pesosyndan (takmynan 78 500 dollar) başlaýar. Pikap awtoulagy güýjüniň, amatlylygynyň we işleýşiniň sazlaşygy arkaly kiçi kärhanalar üçin iň oňat awtoulaglaryň reýtingine girizilip bilner.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.