Disney “Ulaglar” multfilmleri boýunça täze animasion serial çykarar

12.08.2025, 04:272,142

Disney kompaniýasy “Ulaglar” (Тачки) multfilmleri boýunça spin-offy yglan etdi. Cars: Lightning Racers  (Ulaglar: Ýyldyrym çaltlygyndaky bäsdeşler) atly täze animasion serial 2027-nji ýylda Disney+ akym hyzmatynda çykar diýip, Variety ýazýar.

Sýužet ýaryşa gatnaşyjy Ýyldyrym Makkuiniň Radiator-Springs şäherine gaýdyp gelmegi barada gürrüň berer. Dosty Metr bilen bilelikde ol nobatdaky ýaryşlara gatnaşar we täze gahrymanlara – drag ulagy Paýpsa we trak Maýlza duşar.
Baş gahrymana ses bermäge ýene-de aktýor Ouen Uilson (“Parižde ýarygije”) gaýdyp geler.
“Ulaglaryň” ilkinji bölümi 2006-njy ýylda çykdy we IMDb portalynda 10-dan 7,3 bal aldy. Soňra franşiza iki doly metražly film we iki spin-off serial bilen dowam etdirildi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.