Walt Disney Studios 2026-njy ýylda dünýäde kassa girdejisini 3 milliard dollardan geçiren ilkinji kinostudiýa boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, kompaniýanyň şu ýylky ähli taslamalary kassa sanawlarynda birinji orunda açyldy.
Bu maliýe derejesine ýetmegiň möhüm tapgyry “Oýnawaçlaryň hekaýaty 5” (režissýory Endrýu Stenton) animasiýa filminiň çykmagy boldy. Film ilkinji hepdesinde dünýäde 312 million dollar girdeji gazandy we 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi, häzirki wagta çenli ol 367 million dollardan gowrak girdeji gazandy.
Mundan başga-da, Disney-iň 2026-njy ýyldaky girdejisiniň ep-esli bölegi aşakdaky filmlerden geldi:
- 20th Century Studios-yň “Melgun Prada geýýär 2” filmi — 677,6 million dollar;
- Pixar-yň “Böküjiler” multfilmi — 372 million dollar;
- “Mandalorly we Grogu” — 323 million dollardan gowrak;
- 20th Century Studios-yň “Kömek ediň!” filmi — 94 million dollar.
Şeýle-de, jemi girdejä "Awatar: Ot bilen kül" we "Haýwanlar şäheri 2" filmleriniň kassa girdejileri hem girýär. Bu filmler 2025-nji ýylyň ahyrynda prokata çykarylypdy, ýöne 2026-njy ýylda-da birnäçe aýlap kinoteatrlarda üstünlikli görkezilmegini dowam etdirdi.
Deadline-nyň bellemegine görä, soňky on ýylyň dowamynda Disney dokuz gezek dünýäniň öňdebaryjy film öndürijisi boldy.
Studiýa üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli ýene-de birnäçe uly film çykarmagy meýilleşdirýär: "Moana" (10-njy iýul), "Köpek ýyldyzlar toplumy" (28-nji awgust), "Billi we jadygöýlik dünýäsi" (25-nji noýabr) we "Ar alyjylar: Doktor Dum" (18-nji dekabr).