Ýamal France Football tarapyndan ýene-de iň gowy ýaş oýunçy diýlip ykrar edildi

23.09.2025, 05:575,737

“Barselonanyň” ispaniýaly futbolçysy Lamin Ýamal yzygider ikinji ýyl France Football žurnaly tarapyndan ýylyň iň gowy ýaş oýunçysyna berilýän “Kopa baýragyny” aldy.

Baýragyň gowşurylyş dabarasy duşenbe güni Pariždäki Şatle teatrynda geçirildi. Iň gowy ýaş zenan futbolçy üçin baýraga Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň we “Barselonanyň” 19 ýaşly oýunçysy Wiki Lopes mynasyp boldy.
Ýamal 18 ýaşynda, geçen möwsümde ol 55 oýunda 18 gol geçirip, Ispaniýanyň çempionatyny, Kubogyny we Superkubogyny gazandy. Şeýle-de, Ýamal Ýewropa çempiony we Ýewropada ýylyň iň gowy ýaş futbolçysyna (21 ýaşa çenli oýunçylar) berilýän 2024-nji ýylyň Golden Boy baýragynyň eýesidir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.