Tennisçi Kori Gauff Mercedes-Benz-iň global ilçisi boldy

11.12.2025, 04:332,564
1 / 3

Amerikaly tennisçi, dünýäniň üçünji raketkasy Kori Gauff Mercedes-Benz bilen şertnama baglaşyp, nemes awtomobil brendiniň global ilçisi boldy. Bu barada konserniň metbugat gullugy habar berdi.

21 ýaşly türgen “Uly tuwulga” ýaryşlarynda iki titulyň eýesidir: ol 2025-nji ýylda “Roland Garrosda”, 2023-nji ýylda bolsa “US Open” ýaryşynda ýeňiş gazandy.
Ýakynda “Forbes” amerikan neşiri Gauffy dürli kategoriýalarda 30 ýaşa çenli 30 görnükli şahsyýetiň ýyllyk sanawyna goşdy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.