Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

14.01.2026, 06:304,125

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär.

Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir. Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, bu guýudan alynýan gazyň gije-gündizlik möçberi 120 müň kub metre deňdir.
Çeşmäniň belleýşi ýaly, "Hazarly-3" guýusy bu ýatakda gaz akymy alnan ilkinji guýudyr. Bu bolsa ýatagy mundan beýläk-de özleşdirmek we ulanmaga bermek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.