«Atletiko» 4:0 hasap bilen «Barselonany» Ispaniýanyň kubogynyň birinji ýarym finalynda derbi-dagyn etdi

13.02.2026, 01:1210,455
1 / 2

Madridiň «Atletiko» topary Ispaniýanyň kubogynyň birinji ýarym final duşuşygynda «Barselonany» uly hasap bilen ýeňdi. Madridde geçirilen oýun 4:0 hasabynda tamamlandy, iň geň galdyryjy ýeri bolsa — gollaryň ählisi birinji ýarymda saldy.
​Katalonlar üçin şowsuzlyk oýnuň 6-njy minutynda goýberilen awtogoldan başlandy: goragçy Erik Garsia topy yza geçirdi, emma derwezeban Žoan Garsia topy ýönekeý ýagdaýda saklap bilmedi we ol derwezäniň içine togarlanyp gitdi.
​Soňra «Atletikonyň» düzüminde Antuan Grizman (14-nji minut), toparyň täze hüjümçisi Ademola Lukman (33) hem-de Hulian Alwares (45+2) tapawutlandylar.
Ikinji ýarymda hasap üýtgemedi. 52-nji minutda «Barselona» bir gol tapawudy azaltdy, ýöne VAR-yň goşulmagyndan soň, Pau Kubarsiniň goly oýundan daşardaky ýagdaý sebäpli hasaba alynmady. 85-nji minutda bolsa Erik Garsia «soňky umyt foly» üçin göni gyzyl kart alyp, meýdançadan çykaryldy.
​Bu ýeňiş «Atletiko» üçin XXI asyrda «Barselonanyň» üstünden gazanan iň uly ýeňşi boldy. Madridliler iň soňky gezek katalonlary üç gol aratapawudy bilen 2003-nji ýylyň fewralynda, dört gol aratapawudy bilen bolsa baryp-ha 1989-njy ýylda ýeňipdiler. Ondan uly hasaply ýeňiş (6:0) diňe 1941-nji ýylda hasaba alnypdy.
​Şeýle-de, bu şowsuzlyk Hans-Diter Fligiň tälimçiliginde «Barselonanyň» iň uly hasaply ýeňlişi boldy.
​Ýarym finalyň jogap duşuşygy 3-nji martda «Kamp Nou» stadionynda geçiriler.

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.