Türkmen boksçylary Bangkokdaky World Boxing Futures Cup 2026 ýaryşynda iki bürünç medal gazandy

16.03.2026, 12:116,205

Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde 8 — 15-nji mart aralygynda geçirilen World Boxing Futures Cup 2026 halkara ýaryşynda türkmen boksçylary iki sany bürünç medal gazandy. Bu barada THP habar berýär.

75 kg çenli agram derejesinde Ysmaýyl Orazmyradow bürünç medalyň eýesi boldy.

90 kg çenli agramda bolsa şeýle derejeli ýene bir baýragy Söýünaly Öwezgeldiýew gazanmagy başardy.

Bu ýaryş dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen ýaş we geljegi uly boksçylary bir ýere jemledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.