Çökgünlige düşen Ralph & Russo-nyň ýyldyzlara geýdiren lybaslary satlyga çykaryldy

23.03.2026, 10:103,255

Bäsleşikli söwda öýi «Bonhams» 2021-nji ýylda bergili çykyp, öz işini togtadan Ralph & Russo-nyň 322 sany dizaýner lybasyny satuwa çykardy.

Satuwa çykarylan gymmatbahaly geýim-gejimleriň, aýakgaplaryň we beýleki esbaplaryň içinde öň Megan Markl, Monika Belluççi, Heýli Biber, Rita Ora we Jessika Alba ýaly meşhurlara degişli bolan zatlar hem bar. Özi-de, bu egin-eşikleriň köpüsi, dünýä belli ýyldyzlaryň egninde «gyzyl halyçalarda» lowurdan lybaslardyr.

Ýekeje nusgada, el işi bilen döredilendigine garamazdan, satuwda olaryň nyrhlary asyl bahasyndan ep-esli pes görkezilýär.

Ralph & Russo öz wagtynda Fransiýanyň Ýokary moda federasiýasy tarapyndan ýokary derejeli kolleksiýalary döretmäge resmi taýdan rugsat berlen ýeke-täk britan moda öýüdi. WWD neşiriniň maglumatyna görä, kompaniýa koroniwirus pandemiýasy zerarly ýüze çykan ykdysady kynçylyklaryň öňünde durup bilmän, çökgünlige uçrady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.