Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

05.05.2026, 10:034,555
1 / 2

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi.

Attraksion bary-ýogy 4,9 sekundyň içinde 0-dan 240 km/sag tizlige ýetmegi başardy we bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Deňeşdirmeli bolsa, «Formula-1» bolidleri adatça göni ýollarda 220–250 km/sag tizlige ýetýärler, «Formula Rossa» bolsa şol tizlik üçin bäş sekunt ýeterlik.

2010-njy ýylda açylan «Ferrari World» sebitiň iň uly tematik seýilgähleriniň biri hasaplanylýar. Onuň çäginde 40-dan gowrak dürli attraksion bar, emma olaryň içinde iň meşhury «Formula-1» ýaryş awtoulaglarynyň nusgasynda döredilen «Formula Rossa» amerikan depejikleridir.

Attraksion sagatda 625 myhmana hyzmat edýär. Ýolagçylar syýahat wagtynda 4,8 g derejedäki agramlylygy başdan geçirýärler. Bu professional awtosürüjileriň ýaryş wagtynda kesgin öwrümlerdäki duýýan agramlaryna deňdir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.