Barlag: Claude-niň ulanyjylary emeli aň dünýäsinde iň gurply kişiler bolup çykdy

07.05.2026, 03:231,118

Claude çat-botunyň ulanyjylary beýleki emeli aň ulgamlarynyňkylar bilen deňeşdirilende has ýokary girdejilidikleri bilen tapawutlanýar. Bu barada The Decoder neşiri ABŞ-nda geçirilen «Epoch AI» barlagyna salgylanyp habar berdi.

Geçirilen soragnamanyň netijelerine görä, Claude ulanyjylarynyň uly ýaşly gatlagynyň 80%-i ýyllyk girdejisi 100 müň dollardan ýokary bolan hojalyklarda ýaşaýarlar. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji Microsoft Copilot-da 64%, ChatGPT-de 60%, Grok we Google Gemini-de 56%, Meta AI-da bolsa 37%-e deňdir.

Emma barlagçylar ulanyjy sanynyň beýleki iri bäsdeşlerine garanyňda has azdygy sebäpli Claude-uň bu artykmaçlygynyň degişli derejededigini belleýärler. 

Eger-de ýokary girdejili ulanyjylaryň umumy düzümine seretsek, onda ChatGPT 37% bilen öňe saýlanýar. Ondan soňra Gemini (24%), Copilot (14%) we Claude (6%) gelýär. Şeýle-de, ýene bir gyzykly magumat, ýokary girdejili adamlaryň 44%-iniň emeli aň gurallaryny asla ulanmaýandyklarydyr.

«Epoch AI» bu barlagyň 2026-njy ýylyň mart-aprel aýlarynda ABŞ-nda geçirilen üç tapgyrly soragnama esaslanýandygyny nygtady. Barlaga diňe hepdeleýin işjeň bolan ulanyjylar gatnaşdyryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.