Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

18.05.2026, 16:0510,048
1 / 2

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär.

Hytaý hökümetiniň berýän maglumatyna görä, ýer titremesi Guansi-Çžuan awtonom etrabynyň Lýunan etrabynda 8 kilometr çuňlukda hasaba alyndy. Ýer titremesinde iki adam (garry är-aýal) öldi, üç adam bolsa dereksiz ýitdi. Dört adam hassahana ýerleşdirildi.

Gyssagly kömek gulluklarynyň, polisiýanyň we ýangyn söndürijileriň gatnaşmagynda gözleg-halas ediş işleri dowam edýär. Betbagtçylygyň netijelerini aradan aýyrmak üçin 51 ýangyn söndüriji-halas ediş ulagy we 315 işgär iberildi.

Häkimiýetler ýeten zyýanyň möçberini anyklamagy we ýaşaýjylary howply zolaklardan göçürmegi ugrukdyrmagy dowam edýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.