Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

18.06.2026, 17:091,833
1 / 2

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum forumyna («TIIF-2026») gatnaşdy.

Forumyň açylyş dabarasyna Özbegistanyň we Albaniýanyň Prezidentleri, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň premýer-ministrleri, beýleki ýurtlaryň hökümet agzalary, şeýle hem ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Bütindünýä banky, Aziýa Ösüş banky, Aziýanyň infrastruktura maýa goýum banky, BRICS-iň Täze ösüş banky, Ýewraziýa Ösüş banky ýaly halkara maliýe guramalarynyň hem-de ösüş institutlarynyň wekilleri gatnaşdy.

Maslahatlaşylan esasy mowzuklar energetikany, ulag-aragatnaşyk ulgamyny, sanly ykdysadyýeti we emeli aňy ösdürmekden, mineral-çig mal serişdelerini özleşdirmekden, azyk howpsuzlygyny üpjün etmekden, şeýle hem maliýe we maýa goýum gurallaryny kämilleşdirmekden ybarat boldy.

Türkmen wekiliýetiniň bu foruma gatnaşmagy sebitara we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de maýa goýum ugurlaryny giňeltmäge gönükdirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.