Agyr agramda boks boýunça dört gezek dünýäniň çempiony bolan Ewander Holifild Gyrgyzystana geldi. Onuň saparynyň dowamynda Yssyk-kölüň kenarynda boksçynyň ömrüne we sport karýerasyna bagyşlanan dokumental film üçin käbir bölekler surata düşüriler.
Geljekki kino taslamasyna Gyrgyzystanyň tebigy gözellikleri we dünýäniň iň uly dag kölleriniň biri bolan Yssyk-kölüň owadan görnüşleri giriziler.
Mundan başga-da, meşhur boksçy 3-nji iýulda Bişkek şäheriniň «Ýaşlyk» arenasynda geçiriljek halkara professional boks agşamyna gatnaşar.
Holifild boks taryhynda agyr agramda dünýä çempiony titulyny dört gezek gazanmagy başaran ýeke-täk boksçydyr. Ol şeýle hem birinji agyr we agyr agram derejelerinde dünýäniň absolýut çempiony bolmagy başaran ilkinji türgendir. Soňra bu üstünligi ukrainaly boksçy Aleksandr Usik hem gaýtalamagy başardy.