Mercedes-Benz kompaniýasy "Formula-1" çempionaty üçin täze howpsuzlyk awtoulagyny çykardy. Wengriýanyň Gran-prisinden başlap, bu wezipäni "AMG GT Black Series" modeliniň ornuny tutjak "Mercedes-AMG GT 63 Pro" kupesi ýerine ýetirer.

Täze model çempionat bilen 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda "Mercedes-Benz-iň" 14-nji howpsuzlyk ulagy boldy. Kupe 612 at güýjüne eýe bolan 4,0 litrlik iki turbo güýçlendirijili V8 hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr hem-de doly ýöredijili "Formula-1-iň" ilkinji howpsuzlyk awtoulagyna öwrüldi.

Awtoulag yzky ganatynda ýerleşdirilen utgaşdyrylan duýduryş çyralary ulgamyna we ýoldaky görünmegini ýokarlandyrmak üçin goşmaça ýagtylyk-diot elementlerine eýe boldy. Seriýaly wersiýasy bilen deňeşdirilende, inženerler şeýle hem ýokary tizlikli öwrümlerde has durnukly bolmagy üçin aerodinamikany kämilleşdirdiler.

Täze maşynyň Wengriýanyň Gran-prisindäki ilkinji çykyşyna "Mercedes-Benz" kompaniýasynyň "Formula-1" howpsuzlyk awtoulaglary maksatnamasyna gatnaşmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýörite ýubileý reňkini taýýarlady.
Häzirki möwsümde "Mercedes-Benz" ozalky ýyllarda bu roly "Aston Martin" bilen paýlaşan hem bolsa, çempionatyň howpsuzlyk awtoulaglarynyň ýeke-täk üpjünçisi boldy.