Apple taryhda bazar bahasy $5 trilliondan geçen ikinji kompaniýa boldy

29.07.2026, 18:512,602

Apple kompaniýasynyň bazar kapitalizasiýasy ilkinji gezek 5 trillion dollardan geçdi. Kompaniýa Nvidia-dan soň bu sepgide ýeten taryhda ikinji kompaniýa boldy diýip, «Bloomberg» ýazýar.

Sişenbe güni, 28-nji iýulda Apple-iň paýnamalary 1,8% gymmatlap, bir paý üçin tas 343 dollara ýetdi. Bu bolsa kompaniýanyň bazar bahasyna iň ýokary derejesinde 5,036 trillion dollara ýetmäge mümkinçilik berdi.

Söwdanyň ahyryna çenli Apple-iň paýnamalary birneme peselen hem bolsa ($4,98 trillion dollara çenli), ol dünýäniň iň gymmat köpçülikleýin kompaniýalarynyň sanawynda birinji orny ynamly saklaýar.

Nvidia-nyň bazar bahasy häzirki wagtda, takmynan, 4,78 trillion dollara deňdir. Çip öndürijisi bäş trillionlyk sepgide 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda ýetipdi. Şonda kompaniýanyň bahasynyň artmagy 500 milliard dollarlyk EA-çipleri boýunça sargytlar we ABŞ-nyň hökümeti üçin ýedi sany superkompýuter döretmek meýilnamalary bilen baglanyşykly boldy. 2026-njy ýylyň maý aýynda Nvidia-nyň kapitalizasiýasy rekord derejeli 5,7 trillion dollara ýetipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.