13-nji synag uçuşynyň çäginde goýberilen Starship raketasynyň ýokarky basgançagy Hindi ummanynda eýýäm bäş gün bäri ýüzüp ýör. Bu barada Space.com portaly ýazýar.
Gäminiň 52 metre ýetýän korpusy germetikligini saklap, suwuň düýbüne çümmek islemedi. Indi ol öz göwrümi, şeýle hem baklarda galan ýangyç sebäpli deňiz nawigasiýasy üçin howp döredýär.
Raketa 25-nji iýulda sagat 03:51-de (Aşgabat wagty bilen) Tehasdaky Starbase kosmodromyndan uçuryldy. Suborbital uçuş bir sagatdan gowrak dowam etdi. Synaglaryň dowamynda gämi 20 sany synag üçin niýetlenen Starlink V3 hemrasyny (soňra atmosferada ýanyp giden) çykardy, şeýle hem kosmos şertlerinde Raptor hereketlendirijileriniň birini üstünlikli täzeden işletdi — bu amal geljekki orbitadan çykmak we dürli orbitalaryň arasynda uçuşlar üçin zerurdyr.

Yza gaýdyp gelende enjam plazmanyň gyzmagyna döz geldi, dik ýagdaýa öwrüldi we synaglaryň tutuş taryhynda iň asuda suwa gonuşy amala aşyrdy. Şol bir wagtyň özünde birinji basgançak bolan Super Heavy babatda biraz bökdençlik boldy: hereketlendirijileriň gaýtadan işlemegindäki näsazlyk sebäpli ol ýokary tizlikde Meksika aýlagyndaky suwa uruldy.
Bitewiligini saklan Starship-i suwdan çykarmak meýilleşdirilmändi. Häzir onuň ýany bilen barýan gäminiň bolsa beýle ölçegdäki obýekti galdyrmak üçin tehnikasy ýok. Şeýle-de bolsa, 52 metrlik gämini öz akymyna goýbermek bolmaz, çünki ol çynlakaý meseleleri döredip biler. Şol sebäpli Ilon Mask X sosial torunda Günorta Awstraliýanyň kenarlaryna bu gurluşy ummandan ewakuasiýa etmek üçin ýöriteleşdirilen gämini ibermek çözgüdi barada habar berdi.