Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary institutynda hukuk meselesi boýunça halkara platforma dörediler

03.08.2026, 18:355,552

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda «Halkara hukugy» atly Aşgabat halkara platformasyny döretmek meýilleşdirilýär. Ol halkara hukugyny öwrenmek we halkara bilermenleriň arasynda tejribe alyşmak üçin hemişelik hereket edýän ylmy-diplomatik meýdança bolar diýlip pikir edilýär.

Şeýle ädimler Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» Kararnamasynda göz öňünde tutulandyr. Şeýle platformanyň çäklerinde her ýyl «Aşgabat halkara hukuk dialogyny» geçirmek we ýaş hukukçylar üçin tomusky mekdepleri guramak mümkin bolar.

Mundan başga-da, 2026–2028-nji ýyllar üçin Milli hereketler meýilnamasyny hem-de «Halkara hukugy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Milli konsepsiýasyny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Ýurtda halkara hukugynyň meselelerine bagyşlanan sebit we halkara maslahatlary geçirmek, ýörite okuw sapaklaryny guramak, okuw we ylmy-usulyýet gollanmalaryny taýýarlamak, elektron bilim serişdelerini döretmek, «Halkara hukuk hepdeligini» esaslandyrmak, BMG-niň işini nusgalaşdyrýan okuw maslahatlaryny we ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşigini geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Halkara hukuk ýylyna bagyşlanan köp dilli internet sahypasyny döretmek, ýörite gepleşikleri, dokumental filmleri we ylmy-köpçülikleýin makalalary çykarmak hödürlenýär.

Ýene bir başlangyç 2028-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Aşgabat Jarnamasyny kabul etmek mümkinçiligi bilen halkara hukugy boýunça ýokary derejeli Bütindünýä forumyny geçirmek bilen baglanyşyklydyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.