Ýaponiýanyň Kakinoki Fireworks Industry Co. kompaniýasy Rýukoku uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde ekologiýa taýdan arassa feýerwerkleri döretdi. Ol atylandan soň bir gije-gündiziň dowamynda suwda doly eräp gidýär diýip, «Kyodo» agentligi ýazýar.
Täze tehnologiýa baýramçylyk salýutlaryndan soň galýan zibiliň mukdaryny azaltmaga gönükdirilen. Adaty feýerwerklerde kraft-kagyz ulanylýar, onuň bölekleri bolsa partlamadan soň, takmynan, alty aýlap dargaýar.
Işläp düzüjiler korpusyň bir bölegini oba hojalygynda tohumlaryň we toprak goşundylarynyň gabyklaryny öndürmekde ulanylýan suwda ereýän bio-dargaýan polimer bilen çalşyrdy. Olaryň aýtmagyna görä, bu material janly organizmler üçin howpsuz we daşky gurşawa zeper ýetirmeýär.
Synaglar diametri, takmynan, 12 santimetr bolan adaty feýerwerkiň gabygynyň suw bilen galtaşanda ýumşaýandygyny, akyp duran suwda bolsa bir gije-gündiziň dowamynda düýbünden ýitip gidýändigini görkezdi.
Kakinoki Fireworks kompaniýasy ekologiýa taýdan arassa feýerwerkleri işläp düzmek bilen tas 25 ýyl bäri meşgullanýar. Professor Takahiko Nakaoki bilen bilelikdäki iş 2018-nji ýylda başlandy we täze gabygyň döredilmegi bilen tamamlandy. Kompaniýanyň prezidenti Hiroýuki Kakinoki şu ýyl kärhananyň 20 müň töweregi feýerwerk çykarmagy meýilleşdirýändigini, olaryň ýarysynyň bolsa täze tehnologiýa boýunça taýýarlanjakdygyny habar berdi.