BMW öz ulaglarynyň merkezi ekranlarynda «Möý adam: Täze gün» («Человек-паук: Новый день») filminiň mahabatyny görkezip başlady. TechSpot neşiriniň habar bermegine görä, bu ulag eýeleriniň nägileligine sebäp boldy, çünki öň kompaniýa awtoulagyň salonynda mahabat ýerleşdirmäge garşy çykyş edipdi.
Awtoulag işe girizilende, multimediýa ulgamynyň ekranynda: «Sýurpriz! Möý adam ýolugra seniň ulagyňa degip geçdi» diýen ýazgy peýda bolýar. Habary geçirip bolýar, ýöne düwma basanyňda aýdym-saz ýaňlanyp, ýörite ýagtylyk animasiýasy işläp başlaýar hem-de ekranda wideo görkezilýär.
Mahabat kampaniýasy 10-njy awgusta çenli dowam eder. Ol 70-den gowrak bazary öz içine alýar we 2020-nji ýylyň iýul aýyndan soň çykarylan hem-de BMW OS 7, 8, 8.5, 9 ýa-da X operasion ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan BMW modellerinde elýeterlidir.
Awtokonsern bu çäräniň film topary bilen baglaşylan marketing hyzmatdaşlygynyň bir bölegidigini düşündirdi. BMW filmde surata düşürmek üçin iX3 we 5 Series modellerini hödürläpdi, Los-Anjelesdäki film premýerasynda bolsa iX3 elektrik krossoweriniň ýörite wersiýasyny görkezipdi.
Çäräniň bir gezeklikdigi baradaky beýanata garamazdan, ulag eýeleriniň aglabasy muny nägilelik bilen kabul etdiler. Çünki 2023-nji ýylyň dekabr aýynda BMW Group-uň ösüş boýunça uly wise-prezidenti Ştefan Durah köpçüligiň öňünde çykyş edeninde, awtoulagda mahabat görkezilmegi ýalňyş diýip atlandyryp, maşyn salonynyň müşderiniň şahsy giňişligidigini aýdypdy.
Bu BMW-niň öz funksiýalaryndan girdeji gazanmak ugrundaky birinji synanyşygy däl. Ýaňy-ýakynda kompaniýa içerki oturgyçlary gyzdyrmak funksiýasyny tölegli edip, oňa $18 bahaly abuna ýazylyşygyny girizipdi. Şol ädimem ýaramaz kabul edileni, üstesine-de munuň üçin tölemäge isleg bildirenleriň az bolmagy sebäpli brend ol pikirden el çekip, opsiýany ýene adaty toplumlaýyn üpjünçilige gaýtarmaga mejbur boldy.