Raşid Meredow ÝHHG-niň häzirki başlygy Inýasio Kassis bilen duşuşdy

06.08.2026, 00:021,711

5-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýurda sapar bilen gelen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Federal daşary işler departamentiniň ýolbaşçysy, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) häzirki başlygy Inýasio Kassis bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ÝHHG-niň işi bilen bagly möhüm ugurlara, şeýle-de Türkmenistan bilen Guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerini maslahatlaşdy.

Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň Guramanyň işiniň üç ugruny hem öz içine alýan ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýyllyk Taslamalar meýilnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýandygy bellenildi.

Taraplar ozal bilelikde geçirilen çäreleriň netijelerine ýokary baha berdiler. Şeýle-de Aşgabatda guramanyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýokary derejeli sebit çärelerini geçirmegi dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Ýakynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek we tejribe alyşmak bilen bagly birnäçe bilelikdäki çäreleri taýýarlamagyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Aýratyn üns ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine gönükdirildi. 

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy ÝHHG-de Şweýsariýanyň başlyklygy, Guramanyň Sekretariaty, onuň institutlary we ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen mundan beýläk-de netijeli gatnaşyklary alyp barmaga taýýardygyny tassyklady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.