Gruziýa iýul aýynyň ahyryndan bäri üçünji gezek toksuz galdy

06.08.2026, 11:245,140
1 / 3

5-nji awgust güni agşam Gruziýada ýurduň uly bölegi elektrik energiýasyndan mahrum boldy.

Bu iýul aýynyň ahyryndan bäri eýýäm üçünji iri elektrik bökdençligidir diýip, Paper Kartuli Telegram-ýaýlymy habar berýär.

Irden elektrik üpjünçiligini 85% töweregi dikeltmek başartdy, galan sebitleri bolsa ýakyn wagtda elektrik ulgamyna birikdirjekdiklerine söz berdiler.

​Bu ýagdaý zerarly ilatly ýerleriň ep-esli bölegi toksuz galyp, Tbilisidäki metro wagtlaýyn işini saklady. Biraz wagt geçensoň, paýtagtyň käbir etraplarynda elektrik üpjünçiligi dikeldilip başlandy.

​Gruziýanyň Elektrik energetikasy boýunça milli komissiýasynyň agzasy Giorgi Pangani köpçülikleýin tok öçürilmesiniň Inguri GES-inde geçirilen synag wagtynda ýüze çykandygyny habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, barlagyň maksady 24-25-nji iýuldaky bökdençlige getiren gowşak ýerleri ýüze çykarmakdy.

​Öňki maglumatlara laýyklykda gorag ulgamlarynyň synagy izolirlenen tertipde geçmelidi, emma ýagdaý gözegçilikden çykyp, energoulamda ýene bir bökdençligiň döremegine getirdi.

Häzirki wagtda näsazlygyň sebäpleri derňelýär.

​GWP kompaniýasynda elektrik üpjünçiligi dikeldilenden soň Tbilisi we Rustawi şäherlerine ýaňadandan suw berlip başlanandygy barada habar berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.