Ýola çykmaga howlugýar… Lamborghini Revuelto SV tanyşdyrylmanka rekordlary döwdi

09.08.2026, 00:244,085
1 / 4

Täze Lamborghini Revuelto SV entek resmi taýdan tanyşdyrylmadyk bolsa-da, eýýäm Germaniýanyň Hokenhaýmring awtodromunyň rekordyny döwdi. Superkar aralygy 1 minut 41,6 sekuntda geçip, bu sürüş ýolunyň köpçülikleýin öndürilýän iň ýyndam awtomobili boldy.

Lamborghini kompaniýasy rekord üçin Hokenhaýmring trassasyny ýörite saýlady, çünki ol ýokary tizlikli göni ýollary, ýygjam tormoz zolaklary we çylşyrymly öwrümleri bilen tapawutlanýar. Kompaniýanyň baş direktory Stefan Winkelmannyň aýtmagyna görä, Revuelto SV-niň her bir bölegi tizligi hem-de sürüjilik lezzetini täze derejä çykarmak maksady bilen oýlanyp tapyldy.

Rekord aýlawyny zawodyň synagçy-sürüjisi Marko Mapelli ýerine ýetirdi. Ol beýle netijäni gazanmaga dolandyryşyň ýokary takyklygynyň, ulagyň aňrybaş şertlerdäki durnuklylygynyň we sürüji bilen awtomobiliň arasyndaky birkemsiz sazlaşygyň kömek edendigini belleýär.

Lamborghini Revuelto SV-niň dünýä derejesindäki ilkinji tanyşdyrylyşy 14-nji awgustda Montereýdäki awtomobil hepdeliginiň çäginde geçiriler. Ol ýerde kompaniýa amerikan bazaryna niýetlenen gibrid krossower Urus SE Performante-ni we Revuelto Miura 60° Homage-iň sany çäklendirilen görnüşini hem hödürlär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.