«Odisseýa» 1,1 milliard dollar ýygnap, Nolanyň iň girdejili filmine öwrüldi

10.08.2026, 19:025,948

Kristofer Nolanyň "Odisseýa" filmi dünýä kinoteatrlarynda 1,104 milliard dollar gazanyp, režissýoryň iň girdejili filmi boldy. Muny The Guardian gazeti habar berýär.

Bu epik drama öň 1,085 milliard dollar girdeji gazanan "Gara rysaryň galkynmagy" filminden ozup geçdi.

"Odisseýa" filminiň ilkinji görkezilişi 16-njy iýulda. Film Nolanyň karýerasyndaky iň gowy başlangyjy görkezdi we eýýäm ilkinji dynç günlerinde 264,1 million dollar girdeji gazandy.

Režissýoryň gadymy grek şahyry Gomeriň adybir poemasyny ekranlaşdyrmagyň üstünde işleýändigi baryp 2024-nji ýylda mälim edilipdi. 2025-nji ýylyň fewral aýynda Nolanyň "Oppengeýmer" we "Interstellar" filmlerinde ozal kiçeňräk rollaryň birini ýerine ýetiren Mett Deýmon bu gezek baş gahryman Odisseýiň keşbini janlandyrmak üçin saýlandy. Filmiň surata düşürilişi hem şonda başlanypdy.

"Odisseýadaky" wakalar Troýanyň synmagy bilen başlaýar. Film urşuň rehimsizligini görkezýär. Goşun serkerdeleriniň biri bolan Odisseý eden harby jenaýatlary üçin ynsabynyň ejirini çekýär. Ol halys tapdan düşen söweşijileri bilen öýlerine tarap gaýdýar, ýöne ýolda olara köp sanly betbagtçylyklar garaşýar.

Filmiň býujeti 250 million dollara ýetdi. "Odisseýa" Nolanyň karýerasyndaky iň gymmat taslama boldy we bu görkeziji boýunça şol ady agzalan "Gara rysar: Rowaýatyň janlanyşy" bilen deňleşdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.