Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy «SANJEEVANI 2026» halkara lukmançylyk forumyna daşary ýurtly wekiliýetler üçin ýazylyşygyň açylandygyny habar berdi. Ol 7 — 9-njy sentýabr aralygynda Nýu-Delide geçiriler we saglygy goraýyş hem-de degişli pudaklaryň hünärmenlerini bir ýere jemlär.
Forumyň maksatnamasynda ýöriteleşdirilen sergi, mowzuklaýyn maslahatlar, B2B işewürlik duşuşyklary we Hindistanyň öňdebaryjy klinikalaryna tanyşlyk saparlary bar.
Çärä lukmançylyk edaralarynyň, lukmançylyk syýahatçylygy pudagynyň, ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň, wellness-segmentiniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşar. Guramaçylar 350-den gowrak daşary ýurtly gatnaşyjyny kabul etmegi meýilleşdirýär.
«Hosted Buyer» maksatnamasy boýunça saýlamadan geçen wekiliýetler üçin uçar petekleriniň we ýaşaýyş çykdajylarynyň bölekleýin ýa-da doly öwezini dolmak göz öňünde tutulýar.
Gatnaşmak üçin arzalar forumyň internet-platformasy arkaly kabul edilýär. Ähli dalaşgärler hünär ölçegleri boýunça deslapky saýlamadan geçýär.