20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Owganystanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly Batyr Ýolowyň Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Islamjar bilen duşuşygy geçirildi. Onda owgan tarapy Hyrat welaýatynda bilelikdäki türkmen-owgan hassahanasyny gurmak boýunça teklibi öňe sürdi diýip, Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsullygy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, saglygy goraýyş ulgamynda ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek we bilelikdäki iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Welaýat häkimi Nur Ahmad Islamjar owgan işewürler toparlarynyň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýratyn belledi.
Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ilerledilmeginiň Owganystanyň we tutuş sebitiň ykdysady ösüşi üçin strategik ähmiýeti nygtaldy. Mundan başga-da, owgan tarapy Türkmenistandan elektrik energiýasyny Farah welaýatyna çenli ýetirmek mümkinçilikleriniň öwrenilýändigini habar berdi.