Kolumbiýanyň günbatarynda güýji 7,4 bala ýeten ýertitreme boldy. Bu barada ýerli häkimiýetlere salgylanyp, CNN we AP ýaly neşirler habar berýär.
Ýertitremäniň merkezi Çoko departamentiniň San-Hose-del-Palmar munisipalitetinde, Bogotadan, takmynan, 400 kilometr günbatarda ýerleşdi. Ol ýerde ýaralananlaryň we düýpli zeper ýeten binalaryň bardygy mälim boldy. Şeýle-de ýertitremäniň ojagynyň, takmynan, 107 kilometr çuňlukda ýerleşendigi aýdylýar.

Ýerli köpçülikleýin habar serişdeleri Kali, Pereýra hem-de Kibdo şäherlerinde zeper ýeten we weýran bolan öýleriň suratlaryny paýlaşdylar. Manisales şäherinde bolsa neogotika äheňindäki baş ybadathananyň diňleriniň biri ýykyldy.

Bogota şäherinde ýertitremäniň güýçlüligi zerarly, ýaşaýjylar öýlerini terk edip, köçä çykmaga mejbur boldular.
Desgalaryň käbirinde jaýryklar emele geldi. Ilkinji gelen maglumatlara görä, paýtagtda ýaralananlar ýa-da weýran bolan binalar barada hiç hili habar ýok.
Ýertitreme goňşy Ekwadorda-da duýuldy. Bu ýeriň ýaşaýjylary hem öýlerinden çykmaga mejbur boldular.
Häkimiýetler tebigy betbagtçylygyň netijelerini we ýetiren zyýanyny kesgitlemegi dowam edýär.