Bahym adama eýgertmez... Emeli aňyň «atasy» Jeffri Hinton nämeden gorkýar?

12.08.2026, 00:027,036

Nobel baýragynyň eýesi, emeli aňyň «atasy» diýlip atlandyrylýan Jeffri Hinton bu tehnologiýa ösdügisaýy, adamlara has akylly ulgamlary dolandyrmagyň barha kyn düşjekdigi barada duýdurýar.

Synag wagtynda emeli aň agentleriniň üzňelikdäki gurşawdan çykyp, hakyky ulgamlara täsir etmäge synanyşandygy baradaky habarlar alymy biynjalyk edýär. Ýaňy-ýakynda OpenAI we Anthropic ýaly tehnologiýa kompaniýalary şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykandygyny mälim etdiler. Hinton bu täzelikleri «birneme eýmendiriji» hasaplaýar.

«Biynjalyk bolmaga esas kän. Meniň pikirimçe, eger häzirden şu zatlaryň aladasyny etmesek, geljekde kynçylyklaryň döremegi mümkin» - diýip alym CNN-e gürrüň berdi.

Şeýle hem, Hinton adamlaryň aşa akylly emeli aň modellerinden rüstem gelip biljekdigine ikirjiňlenýär. Ol geljekde emeli aňyň gatnaşmagynda kiberhüjümleriň bolmagyna garaşýar.

Hinton 2023-nji ýyla çenli Google-da işläpdi. 2024-nji ýylda ol «emeli neýron ulgamlarynyň kömegi bilen maşyn okuwyny üpjün edýän düýpli açyşlary üçin» fizika boýunça Nobel baýragyny aldy.

Soňky döwür alym emeli aňyň ösüşiniň mümkin bolan töwekgelçilikleri barada yzygiderli duýduryş berip başlady. Onuň pikiriçe, tehnologiýa kompaniýalary jemgyýetçiligi emeli aň gözegçilikden sypmaz we köpçülikleýin işsizlige getirmez diýip ynandyrmaga çalyşýarlar, emma ýene on ýyldan onuň başa neneň-niçik oýun saljakdygyny heniz hiç kim bilenok.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.